- gan
- [ga:n]Arteriýa we wena damarlary arkaly organizmiň ähli ýerine aýlanyp durýan we bedeniň ähli kletkalaryny iýmitlendirýän gyzyl reňkli suwuklyk.∙ Şu giň sährada at toýnagynyň çukanak gazmadyk, adam gany dammadyk bir daban ýeri ýokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Nähak gan ýerde ýatmaz ahyryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ gan aglamak — seret aglamak∙ Ömür söwdasynda köpi utulyp, Gan aglardy garry-goja çatylyp. (N. Pomma, Saýlanan Esreler)∙ Bagdan geldi ganlar aglap, ýürek bilen bagryn daglap. («Görogly» eposy)◊ gan almak1) Könelişen söz Kesel bejermek üçin bedeniň belli bir ýerini çirtip gan çykarmak.∙ Keselliniň maňlaýyndan gan aldylar.2) Duşman tarapyndan öldürilen adamyň üçin, olardan birini öldürmek (köne däp boýunça).∙ Gadam jan, balam! Meniň oglum boljak bolsaň, meniň ganymy gandarymdan al! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)◊ gan çaýkamak1) Uruş edip gyrmak, kän adam öldürmek;.2) Azap bermek, gün bermezlik.◊ gan dökmek — Ýowuz uruşmak, aldym-berdimli söweşmek, gan döküşikli urşa gatnaşmak, gan döküp uruşmak.◊ gan eňremek — seret eňremek◊ gan garyşmak — Ýerliksiz gaharlanyp, azgyrylyp öz garamagyndaky adamlary, maşgalaňy gorkuzmak, horlanmak.◊ gan gitmek — Gan dökülmek, gan akmak.∙ Çünki ýarasyndan gan gidip, onuň ýene essi aýylyp, ýüregi çaşyp başlady. (A. Gowşudow, Eserler)◊ gan gyzmak — Gaharyň gelmek, gaharlanmak.∙ Nädogry işe ganym gyzyp başlady. («Tokmak» žurnaly)◊ gan içmek — Nähek adam öldürmek.∙ Jellatlar gan içip, keýpini çaglap, Garyby dünýäde her eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)◊ gan öýmek — Urgy, gapjama-gygyş zerarly teniň belli bir ýeriniň gan ýygnanyp gögermegi.∙ Onuň ýüzi tutuşlaýyn besse-besse, menek-menek gan öýüpdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)◊ gan şaçmak — Uruşda, söweşde gan dökmek, söweşmek.∙ Eýran şalarynyň leşgerleri sansyz gezek ganlaryny saçypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ gan ysy gelmek — Ölüm howply bolmak, uruş, ölüşme howatyrly bolmak.∙ Dogry, elbetde, bu işden gan ysy gelýär, olar adam öldürmegi suw içençe-de görenok. («Türkmen Pýesalary»)◊ gan ýöremek — Ysgyna gelmek.∙ Gam bilen gussa gark bolan tukat kolkozçylaryň ýürekline kuwwat gelip, damarlaryna gan ýöredi. (A. Gowşudow, Eserler)◊ gan ýuwutmak — Agyr horluk çekmek, zorluk görmek.◊ gana boýamak — Urup, urşup, üsti-başyny gan etmek.◊ gana suwsamak — Päl azyp, adam öldürmegi, gan dökmegi islemek, höwes etmek.◊ gany gaçmak1) Bir zatdan gorkup ýa-da syrkawlap, reňkiň agarmak, ýüzüň agarmak;.2) Gaharyň galmak, gaharlanmak.∙ Umsagülüň gany gaçyp, gara dodaklary müňküldejek bolanda, Halnazar, onuň öňüni gabzady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ gany gaçyk — Ýüzünde gan-pet bolmadyk, reňki ak.∙ Aýna şol gelene seredip, onuň ganynyň gaçykdygyny, balkyldaýan gözleriniň şöhlesiz görünýänini syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ gany gaýnamak — Gyzgyn hyjuw döremek, ganyň güýçli gyzmak.∙ Kim beripdir kakasyna nagany, Ýaş oglanyň birden gaýnady gany. (M. Seýidow, Gijeki Myhman)◊ gany gyzgyn — Sähel zada gahary gelýän gaharjaň.∙ Gadam örän ýaş ýigit, gany gyzgyn ýigit. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)◊ gany sowamak — Gahary gaçmak, köşeşmek.∙ Maralyň gany sowamandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)◊ gany ýerinde — Jany sag, ýüzi gyzaryp duran, sagat.◊ ganyna galmak — Nähek öldürmek.∙ Iki adamyň ganyna galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ ganynny soramak — Köne adat boýunça öldirilen adamyň hununy sormak, ar almak.∙ Şonuň üçin-de bularyň ganyny sormaga het edip bilen adam bolmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ ganyny geçmek — Könelişen söz Adam öldüreniň günäsini geçmek.∙ Ýagşy seniň üçin men bu derwezabanyň ganyny geçýärin. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ ganyny gyzdyrmak — Gaharyny getirmek, janyňy ýakmak.∙ Siz nähak ýere Wolstnoý aganyň ganyny gyzdyrdyňyz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ ganyny sormak — Rehimsiz horlamak, köp işletmek, ýowuz eksplautirlemek.◊ ganyňy gaçyrmak — Bir zada gaty gaharlanmak, reňkiňi ak tam etmek.∙ Ýaňy daň ýagtylanda, ýüzüniň ganyny gaçyryp, Hoşly Aman poşçynyň öýüne geldi. (A. Gowşudow, Eserler)∙ Itiniň aýylganç uwlap, bagry bilen süýşüp, howla girenini gören Gulman ýüzüniň ganyny gaçyryp, derwezäniň agzyna çykdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ göze gan inmek1) Kesellilik zerarly gözüň gyzarmak.2) Gahar-gazaba münmek gazaplanmak.∙ Hojamyradyň süzgek gözüne gan indi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.